Türkmenistanda 2027-nji ýyla çenli täze Milli Oba Maksatnamasy peýda bolar,
bu ýurduň ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylarynyň durmuş we ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri öz içine alar. Ol maksatnamany işläp
taýýarlamak tabşyrygy Halk Maslahatynyň adatdan daşary ýygnagynyň çäginde
geçirilen giňeldilen hökümet ýygnagynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan berildi.
Täze Oba maksatnamasy barada durup geçen türkmen Lideri maksatnamany
durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlarynyň iň köp akymyny üpjün etmegiň
zerurdygyny aýtdy. Prezidentiň belleýşi ýaly, Sebitleýin ösüş strategiýasy
islendik döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy faktorlarynyň biridir. Ol
demografiýa, ilatyň ýaşaýyş derejesi we hili, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi,
sebitleriň tebigy baýlyklary we köpelmegi ýaly esasy taraplary öz içinde
jemleýär.