Damjalaýyn suwaryş ulgamy

Damjalaýyn suwarmak boýunça ilkinji tejribeleriň suw gorlarynyň ýetmezçilik edýän hem-de duzly suwuň agdyklyk edýän ýurtlarynda geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. Ilkinji gezek damjalaýyn usuly 1948-nji ýylda Angliýada ýyladyşhanalarda gök ekinleri suwarmak üçin ulanylýar. Şol döwürde bu usul bilen oba hojalyk ekinlerini suwarmak baradaky tejribeler beýleki ýurtlarda hem geçirilip başlanýar.

Damjalaýyn usulda suwarylan halatynda suw ýeriň üstünde ýerleşen turbalaryň kömegi bilen gös-göni ekinleriň kökleriniň ýerleşen ýerine baryp ýetýär. Munuň üçin ilki bilen topragyň gurluşy aýratyn öwrenilip, şonuň esasynda taslama düzülýär hem-de ýeriň howasynyň senelik maglumaty we suwaryljak suwy seljerilip, işe başlanylýar. Damjalaýyn suwaryş ulgamy suwy rejeli hem-de tygşytly ulanmak bilen hasyllylygy artdyrmaga uly ýardam berýär. Bu usuly peýdalanmakda biziň «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň 10 ýyl töweregi iş tejribesi bardyr.

Takyk suwaryş giňden ýaýran usul bolup, ol kök üçin optimal çyglylygy üpjün edýän ölçenen dozalarda suwy we ýokumly maddalary gönüden-göni her ösümligiň köklerine eltýär. Artykmaç suw sarp edilmeýänligi we akym derejesi ortaça bolansoň, takyk suwaryş ýerüsti akymlary ýok edýär. Takyk suwaryş ulgamlary topragyň suwy siňdiriş ukybyna we ösümligiň kabul edişine görä işlenip, suwuň işjeň kök zonasynda galmagyny üpjün edýär. Netijede, az suw ulanmak arkaly has oňat hasyl alyp bilersiňiz!

Uly pürküjiler bilen suw ulanmak suwuň bugarmagyna sebäp bolýar. Bu ulgamlaryň biri bilen suwarsaňyz, emeli usulda suwarylan halaty suwuňyzyň 15-30 göterimi bugarýar we suw hasylyň kök zolagyna baryp ýetmeýär. Emma damjalaýyn suwaryş bilen gönüden-göni kök zonasyna berlende, suwuň bugarmagyna mümkinçilik bolmaýar. Bu bolsa suw çeşmäňizi rejeli we tygşytly ulanmagyňyza we her damja suwdan girdeji gazanmagyňyza getirýär.

Takyk suwaryş arkaly hasyl almak harajatlary tygşytlamaga we girdejiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem, has ýokary we oňat hasyl almak, gowy girdeji gazanmak üçin damjalaýyn suwarmak ulgamyny ulanmak ähmiýetlidir.

Soňky wagtlarda damja usuly bilen gowaça, gök we beýleki ekinler suwarylýar. Muňa suwarymly ekerançylygyň dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Biziň «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetimiz damjalaýyn suwarmak usulyny has giňişleýin ylmy esasda öwrenip, ýakyn geljekde önümçilige ornaşdyryp, her damjasy altyn dänesine deňelýän suwy tygşytlamagy hem-de oba hojalyk ekinlerinden bol hasyly ýetişdirmegi maksat edinýär.

Biziň üstünligimiz:

·   Oba hojalyk önümleri bazarynda 10 ýyldan gowrak

·   2500 gektardan gowrak ekin meýdanlary

·   Döwrebaplaşdyrylan şitilhanalar

·    Oba hojalyk maşynlarynyň hususy awtoparky

·   Tejribeli we ökde hünärli işgärler

·    Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen damjalaýyn suwaryş ulgamy

·   Öndürilýän harytlaryň uly assortimenti

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenleriň sanyny günsaýyn artdyrýarys

Üstünlikli önümçilik sistemamyz arkaly hereket edýäris

Söwda nokatlarynda gerekli harytlary öwrenip, olaryň iň esasylaryny öndürmekligi ýola goýýarys

Ygtybarly hyzmatdaşlygy we sanly ulgamy ösdürmegi göz öňünde tutýarys