Oba hojalyk

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ynsan saglygyny gorap saklamakda we daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler uly gerim bilen alnyp barylýar. Şol işlere «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti tarapyndan hem mynasyp goşant goşulýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň sanawy bilen tanşan her bir adam munuň şeýledigine göz ýetirer.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Daşoguz welaýatynyň çagalara we ululara niýetlenilen döwrebap sagaldyş dynç alyş merkezinde 30 000 m2 meýdanda abadanlaşdyryş işleri geçirildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Şamekan» 5 ýyldyzly myhmanhanasynda 27 000 m2 meýdan ýaşyl baglyga büreldi.

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrundaky 200 ulaga niýetlenilen söwda-hyzmat merkezli awtoduralganyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, 7 000 m2 meýdan bagy-bossanlyga beslenildi.

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrundaky «Türkmenistan» döwlet täjirçilk bankynyň buýurmasy esasydan gurlan 12 gatly 66 hojalyga niýetlenilen ýaşaýyş jaýynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurlan 12 gatly 66 hojalyga niýetlenilen we 12 gatly 72 hojalyga niýetlenilen ýaşaýyş jaýlarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy bilen bina edilen 72 hojalyga niýetlenilen 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini abadanlaşdyrmak we olary bagy-bossanlyga öwürmek işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Bagy-bossanlyga beslenen ýerler daş-töweregiň howasyny tämizläp, howanyň çyglylyk derejesini degişli derejesinde saklamaga, salkyn howany emele getirmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesinde Aşgabat şäheriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň nusgalyk görelde bolup durýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Aşgabadyň köçelerinde we ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde ýetişdirilen dürli agaç nahallary, täsin baglar, al-elwan öwüsýän bezeg gülleri görenleri haýrana goýýar, ynsan kalbynda kamil duýgulary döredýär. Bu babatda alnyp barylýan işleri ýokary derejede guramakda «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek.

Bag bar ýerinde arassa howa bardyr, saglyk hem abadançylyk höküm sürýändir. Olar tebigata gözellik berýär, adamyň ruhuny göterýär. Bu bolsa bag nahallaryny ekmegiň ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem şu hakykatdan ugur alýarlar.

 

Biziň üstünligimiz:

·   Oba hojalyk önümleri bazarynda 10 ýyldan gowrak

·   2500 gektardan gowrak ekin meýdanlary

·   Döwrebaplaşdyrylan şitilhanalar

·    Oba hojalyk maşynlarynyň hususy awtoparky

·   Tejribeli we ökde hünärli işgärler

·    Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen damjalaýyn suwaryş ulgamy

·   Öndürilýän harytlaryň uly assortimenti

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenleriň sanyny günsaýyn artdyrýarys

Üstünlikli önümçilik sistemamyz arkaly hereket edýäris

Söwda nokatlarynda gerekli harytlary öwrenip, olaryň iň esasylaryny öndürmekligi ýola goýýarys

Ygtybarly hyzmatdaşlygy we sanly ulgamy ösdürmegi göz öňünde tutýarys