«Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti ilkinji
gezek Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum
taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 2011-nji ýylyň
25-nji oktýabrynda hasaba alyndy. Soňky sapar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň
ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak
bölümi 2018-nji ýylyň 21-nji maýynda gaýtadan bellige alnan «Kämillige tarap»
hojalyk jemgyýetiniň hukuk oruntutary bolup durýar.
«Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bolup geçýän uly
özgertmelere öz goşandyny goşmak maksady bilen döredilip, öňde goýlan maksatlaryna ýetmek üçin dürli işleri amala aşyrýar. «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki iş görnüşlerini
amala aşyrmaklygy maksat edinýär.
Ahal welaýatynyň daýhan birleşikleriniň öri meýdanlaryndan «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetine uzak möhletleýin peýdalanmaga
berlen umumy meýdany 1133 ga we 1300 ga bolan ýerlerinde goşmaça oba hojalyk tehnikalary we suwaryş enjamlary ulanylyp, miweli baglary, oba hojalyk önümlerini we gowaça ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek
işleri amala aşyrylýar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda
döwrebap
ýyladyşhanalary gurmak meýilleşdirilýär.
Telekeçiligi ösdürmek,
ilata dürli hyzmatlary etmek, halkyň isleg bildirýän önümlerini ösdürip ýetişdirmek we elýeterli bahadan satmak,
önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça iş
alnyp barylýar. Häzirki wagtda
ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugry ýerli çyg
mallarymyzy ulanmagyň hasabyna ýokary hilli harytlarynyň giň assortimentini
öndürmekden ybaratdyr. Şeýle-de, azyk we
beýleki harytlaryň, daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaldyp, ýurdumyzda importy çalyşýan
harytlary öndürmäge ýerli telekeçileri giňden çekmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksat edinilýär. Alynjak önümleriniň belli bir bölegi
içerki bazarlarda elýeterli bahalardan ilata satylar. Şeýle-de, geljekde önümleriň belli bir bölegini daşary ýurtlara eksport
etmek göz öňünde tutulýar.
Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda ylmyň gazananlaryny, ekerançylyk boýunça tejribe-synag merkezleriniň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribelerini we netijelerini ulanmagy önümçilige ornaşdyrmak, ekerançylykda kabul edilen çäreleri doly ýerine ýetirmek, topragyň gurplulygyny artdyrmak, mineral dökünleri ylmy esasda doly we dogry gatnaşykda ulanmak ýaly meseleler esasy orun tutýar.
Ýyllyk tejribeli işgärler
Esasy iş ugurlary
Tamamlanan taslamalar
Dowam edýän taslamalar