Pagtany gaýtadan işlemek

Pagtaçylyk pudagy türkmenleriň iň gadymy oba hojalyk ekinleriniň biridir. Taryhçylaryň aýtmagyna görä pagtaçylyk 2200-2300 ýyl mundan ozal Murgap derýasynyň boýunda ekilipdir. Pagta öndürmek iň netijeli önümleriň biri hasaplanyp, ondan 300-den gowrak önüm öndürilýär. Dünýä ykdysayýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyna Türkmenistanda uly üns berilýär. Türkmenistanda pagta öndürmegiň, ony gaýtadan işlemegiň we täze önüm almagyň oňat tejribesi bar. Şeýlelikde, Türkmenistanda pagtany gaýtadan işlemäge köp üns berilýär. Hut şonuň üçin hem «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti pagtany gaýtadan işleýän kärhany işe girizmegi meýilleşdirýär.

 Pagtany gaýtadan işlemek babatdaky işlere «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti tarapyndan hem goşant goşular. Şeýlelikde, «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň gurluşygy dowam edýän kärhanasynda her ýylda 30 müň tonna pagtany gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. 4260 inedördül metr meýdany eýeleýän ýag zawodynyň gurluşygy dowam edýär. Pagtanyň gaýtadan işlenen önümi bolan pagta çigdi bu zawodyň esasy çig maly bolup hyzmat eder. 

Pagta çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, pagta süýümi, gysga süýüm, übtük, sütük we pagta çigidi öndürilýär. Pagta süýümi ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig maldyr. Pagta çigidi bolça azyk senagaty üçin çig maldyr.

 

1 TONNA PAGTA ÇIG MALYNDAN ALYNÝAN ÖNÜMLER

320 kg pagta süými

600 kg çigit

40 kg gysga süýüm

10 kg übtük

30 kg sütük

 

1 KG PAGTA SÜÝMÜNDEN

5 metr prostynlyk mata

12 metr çit mata ýa-da 20 metr batist

4-den 140 sana çenli tikin ýüplükli dükje (tegek) öndürilýär

 

1 TONNA PAGTA ÇIGIDINDEN

170 kg arassa pagta ýagy

400 kg künjara

300 kg harpyk

30 kg ýag çökündisi öndürilýär

 

1 TONNA ŞULHADAN

85 litr spirt

300 gram lingolit (presslenen gurluşyk materialy)

28 kg kömürturşy gazy

20 kg uksus kislotasy we başgalar

Biziň üstünligimiz:

·   Oba hojalyk önümleri bazarynda 10 ýyldan gowrak

·   2500 gektardan gowrak ekin meýdanlary

·   Döwrebaplaşdyrylan şitilhanalar

·    Oba hojalyk maşynlarynyň hususy awtoparky

·   Tejribeli we ökde hünärli işgärler

·    Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen damjalaýyn suwaryş ulgamy

·   Öndürilýän harytlaryň uly assortimenti

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenleriň sanyny günsaýyn artdyrýarys

Üstünlikli önümçilik sistemamyz arkaly hereket edýäris

Söwda nokatlarynda gerekli harytlary öwrenip, olaryň iň esasylaryny öndürmekligi ýola goýýarys

Ygtybarly hyzmatdaşlygy we sanly ulgamy ösdürmegi göz öňünde tutýarys