Pagta

Türkmenistanyň oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri hem pagtadyr. Türkmenistanyň oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagynyň önümlerini gaýtadan işlemek ýaly asylly işler ösüşiň täze derejelerine çykýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemme welaýatlarynda pagta hasyly ýetişdirilip, pagta arassalaýjy kärhanalar, dokma senagatyna degişli fabrikler, toplumlar hereket edýär. Olaryň hatary täze gurlan we gurulýan desgalar bilen yzygiderli artdyrylýar. 

Güneşe baý, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän «ak altyndan» taýýarlanylýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler bu gün dünýäniň ençeme döwletine eksport edilýär. Bu ugurda «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýeti tarapyndan pagtanyň «Ýölöten 7», «Jeýhun», «Ýolöten 39» sortlary ekilýär. Orta süýümli pagta 600 gektar ýerde ekilip, her gektardan 45-50 sentner pagta hasylyny almak meýilleşdirilýär we şol meýdany geljekde has-da giňeltmek maksat edinilýär. Ondan bolsa 9 300 tonna süýüm, 2 650 000 litr ösümlik ýagy we mallary idetmek üçin sarun, şulha öndüriler.

Pagtadan taýýarlanylýan önümler ýurdumyzyň ýerli önüm öndürijilerine yzygiderli paýlanylýar hem-de ýokary hilli önümler daşary ýurtlara eksport edilýär. Bereketli türkmen topragyndan bol hasyl alýan edermen daýhanlary goldamakda, öndürilýän ýokary hilli önümleri ýerli önüm öndürijilere paýlamakda, ýerleşdirmekde hem-de taýýar önümleri daşary ýurtlara eksport etmekde «Kämillige tarap» hojalyk jemgyýetiniň netijeli işleýändigini aýtmak gerek.

Pagta hasylyny ýetişdirmegiň ady agzalan jemgyýetiň geljegi nazarlaýan taslamalarynyň biri bolup durýar. Çünki pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň işe girizilmegi meýilleşdirilip, onuň girdejili ulgama öwrülmegi üçin pagtanyň bol hasylyny almak möhüm şertleriň biri hasaplanýar.

 

 

Biziň üstünligimiz:

·   Oba hojalyk önümleri bazarynda 10 ýyldan gowrak

·   2500 gektardan gowrak ekin meýdanlary

·   Döwrebaplaşdyrylan şitilhanalar

·    Oba hojalyk maşynlarynyň hususy awtoparky

·   Tejribeli we ökde hünärli işgärler

·    Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen damjalaýyn suwaryş ulgamy

·   Öndürilýän harytlaryň uly assortimenti

Aýratynlyklarymyz:

Ýokary tejribeli hünärmenleriň sanyny günsaýyn artdyrýarys

Üstünlikli önümçilik sistemamyz arkaly hereket edýäris

Söwda nokatlarynda gerekli harytlary öwrenip, olaryň iň esasylaryny öndürmekligi ýola goýýarys

Ygtybarly hyzmatdaşlygy we sanly ulgamy ösdürmegi göz öňünde tutýarys