Täzelikler

Fransuz oba hojalyk kompaniýalary Türkmenistanyň geljegi uly taslamalaryna gatnaşmaga taýýar

Fransiýanyň telekeçiler birleşigi "MEDEF International" we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan gurnalan webinar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

35-e golaý fransuz oba hojalygy kompaniýalary ýurdumyzyň oba hojalygyndaky potensial, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Şitilhana hojalygynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler we bu mowzukda aýratyn webinar guramak kararyna geldiler.

Şeýle hem fransuz kompaniýalary Türkmenistanyň iri oba hojalyk sergilerine gatnaşmagy barada ylalaşyk gazandylar.